DIM-DE HHR-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki depginini kanagatlanma bilen nygtap, şu ýyl türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýubileý tapgyryna gadam basýandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşygyň çäklerinde şeýle-de Döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejede geçiriljek nobatdaky çäreler, hususan-da «Hytaý – Merkezi Aziýa döwletleri» sammiti hem-de Pekin şäherinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen bagly bolan meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.