METBUGAT ÜÇIN HABAR

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.      

Gepleşigiň dowamynda ministrler şu ýylyň 22-23-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 48-nji mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdinde özara hereketleriň pugtalandyrylmagy babatynda bu forumyň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň käbir meselelerine hem seredilip geçildi. Ýokary döwlet derejesindäki gepleşikleriň, ilkinji nobatda 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa ornaşdyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy. 

Şu nukdaýnazardan, ministrler Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan iş ýüzündäki meselelere aýratyn üns berdiler.

  

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy.
24.01.2022 ý.