TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda çykyş etdi
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna gatnaşdy. Ählumumy forumyň gün-teribine laýyklykda, onda howa boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilişiniň jemleri jemlener, geljekki hereketleriň meýilnamasy kesgitlener. Dünýä bileleşigi öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin şol meýilnamadan ugur alyp biler. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, onuň netijelerini ara...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşýar
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine (Dubaý ş.) ugrady. Ählumumy howa forumynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy göz öňünde tutulýar we onda maslahatyň gün tertibiniň meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýyşlary beýan ediler. Döwlet Baştut...
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory Eýranyň Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetine iş saparyny amala aşyrdy
28-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetine iş sapary amala aşyryldy. Saparyň çäklerinde A.Gapurow Gürgen uniwersitetiniň rektory Şaban Şataýi bilen duşuşyk geçirdi we iki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda okuw maslahatlaryny geçirmek, bilelikde makalalary çap etmek, mugallymlaryň hünär kämilleşdiriş okuwlaryny uniwersitetleriň binýadynda gurnamak, ha...
Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsuly Gülüstan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly iki ýurduň Altyn asyr-Inçeburun gümrük nokadyna we Inçeburun demir ýol menziline iş saparyny amala aşyrdy. Şeýle hem Baş konsul Gülüstan häkiminiň orunbasary Seýid Ali Mohajer bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyklarda Balkan welaýaty bilen Gülüstan welaýatynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha berkeýändigi, iki goňşy welaýatyň taryhy-medeni umumylyklarynyň bardygy aýratyn nygtaldy. Bu duşuşyklarda soňky gysga wagtyň dowamynda iki ýurduň gatnaş...
TÜRKMENISTANYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI
Eýranyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde türkmen medeniýetine we bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan sergi guraldy.
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-25-nji noýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň taryhy we medeni Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Medeniýet günleri geçirildi. Çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary, türkmen filmleriniň görkezilişi, şeýle hem türkmen medeniýetine bagyşlanan sergi guraldy. Şeýle hem bu döredijilik çäresine ýurdumyzyň tanymal artistleri, Türkmenistanyň Döwlet...
EÝRANYŇ MAŞAT ŞÄHERINDE “STAR EXPO 2023” ATLY SERGI GEÇIRILDI
28-nji noýabrynda Maşat şäheriniň “Ýyldyz” söwda merkeziniň binasynda “Star expo 2023” ady bilen iýmit we syýahatçylyk ugruna bagyşlanan dördünji sergi öz işine başlady. Bu sergä Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsullygy türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini şöhlelendirýän sergi stendi bilen gatnaşdy. Onda halkymyzyň gadymy taryhynyň hem-de baý medeniýetiniň subutnamalary bolan şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Mundan başga-da, sergä gelenl...