TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
MÜSÜRIŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-Naggari (oturýan ýeri Moskwa ş.) bilen duşuşdy we duşuşygyň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp m...
TÜRKMEN-MOLDOWA HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Waleriu Kiwer (bolýan ýeri Kiýew ş.) bilen duşuşygy geçirildi. Ynanç hatlarynyň nusgalarynyň gowşurylyşynyň çäklerinde türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipede alyp barýan işlerine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da g...
RIMDE TÜRKMENISTAN BILEN ITALIÝANYŇ ARASYNDAKY MEDENI GEPLEŞIKLER DOWAM EDÝÄR
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa saparynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowa Rim şäheriniň meri Roberto Gualtieri bilen duşuşdy. Duşuşykda medeniýetara gepleşiklere we medeni mirasy gorap saklamaga aýratyn üns berildi. Taraplar, şeýle hem, Italiýada Türkmenistanyň täsin eserleriniň sergisini geçirmek üçin amaly ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, saparyň çäginde türkmen wekiliýeti Rimdäki Kapitoliý...
TBILISIDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GRUZIN TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew, gruzin tarapyna Gruziýanyň wise-premýeri, Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Lewan Dawitaşwili ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň ýolbaşçylary ýygnagy açyp, hökümetar...
AHHG-NYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATY BARADA
2023-nji ýylyň 5-7-nji iýuny aralygynda Duşenbe şäherinde AHHG-nyň 30 ýyllygy mynasybetli "Merkezi Aziýa: güýçli sebit instituty arkaly durnukly geljege tarap" atly halkara maslahaty geçirilýär. Bu sebitleýin gurluşynyň şanly senesine bagyşlanan maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Maslahata, şeýle hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri, abraýly halkara we sebit gura...
WISE-PREMÝER M.MÄMMEDOWANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ITALIÝA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRÝAR
Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 4-7-nji iýuny aralygynda Rimde iş saparynda bolýar. Saparyň çäginde 5-nji iýunda Italiýanyň Medeniýet ministrliginiň binasynda Wise-premýer M.Mämmedowa Italiýa Respublikasynyň Medeniýet ministri Jennaro SanJuliano bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmen...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GRUZIN TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýokary derejede alnyp barylýandygy bellenip geçildi we iki ýurduň arasyndaky köpmaksatlaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi. Toparyň türkmen böleginiň başlygy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew we toparyň gruzin bölegin...