SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy bilen duşuşygy
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda RF-ne iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy Grigoriý Karasiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Russiýa tarapy, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki hyzmatdaşlygyň ruhunda ösýändigini belläp, Russiýanyň mejlisiniň ýokary palatasynyň Merkezi Aziý...
Türkmenistanyň wekiliýeti Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Moskwada geçirilen Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda deňiz derejesiniň peselmegini ýakyndan öwrenmegi, ünsi we toplumlaýyn çemeleşmegi talap edýän möhüm mesele diýip atlandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde suwuň azalmagy bilen baglanyşykly mesele...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara zähmet guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen, Aşgabada sapar bilen gelen, Halkara Zähmet Guramasynyň Dolandyryş we üç taraplaýynlyk departamentiniň direktorynyň orunbasary Kamran Fannizadeniň ýolbaşçylygyndaky HZG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar “Ýol kartada” görkezilen meseleleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar we 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň...
Benin Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Benin Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Akambi Andre Okunlola-Biauň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we munuň Türkmenistan bilen Benin Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine itergi berjekdigine ynam bildir...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Owerçuk bilen duşuşdy. Gepleşikleriň esasy mowzugy, geljek ýylyň başynda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň 13-nji mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy. Ýakynda geçiriljek mejlisiň iki ýurduň a...
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy
2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Moskwa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşd...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy
2023-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy. Bu ýerde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçirilýär. Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikit...