TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
SOŇKY HABARLAR
Owganystanyň gatnaşmagyndaky ykdysady taslamalar amaly häsiýete eýe bolýar
2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen-owgan serhedinde Türkmenistan bilen Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energiýa, ulag we infrastruktura ugurlaryndaky halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe dabaralar geçirildi. Dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat...
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi. Malaýziýanyň DIM-niň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandaryň we Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu sapara Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaş...
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi Sara Minkaranyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekiliýeti maýyplaryň hukuklaryny goramak ugrundaky milli ulgam we kanunçylyk, şeýle hem ýurtda mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň hukuklaryny durmuşa ge...
Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär
2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024) açyldy. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan giň möçberli forumyň iki gününde ýurtda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitg...
Türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň «TIF-2024» halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş boýunça direktory Sara Kuper bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça...
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, malaý tarapyna – Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretarynyň orunbasary Dato Ahmad Rozian bin Abd Gani ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň barşynda iki ýurduň diplomatlary köptaraplaýyn we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,...
Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýerinde türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi banneriniň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahaty...