TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN SLOWENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 23-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew wideoulgamy arkaly Sloweniýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşyk geçirdi. Geňeşmeleriň dowamynda diplomatlar türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini nygtamak bilen, taraplar syýasy-dipl...
Evranyň Gülüstan welaýatynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi
2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň baý taryha eýe bolan gadymy we abraýly – “Gonbad-Kavous” uniwersitetinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň çuňňur döredijiligine bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň iki ýurduň gatnaşyklarynyň berkemegi üçin wajypdygyny belläp, şeýle-de türkmen edebiýatynyň we türkmen halkynyň aňynda şahyry...
Eýranyň Gülüstan welaýtynda Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi geçirildi
2023-nji ýylyň 17-nji maýynda, günüň ikinji ýarymynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Kelala etrabynyň Sufiýan obasynda her ýyl dabaraly geçirilýän Ahalteke atlarynyň XVIII – nji gözellik bäsleşigi geçirilip, onuň işine Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçisi we Maşat şäherindäki Baş konsuly, Türkmenistanyň atly sport federasiýasynyň başlygynyň orunbasary, atly sport boýunça at gazanan tälimçi Ýusup Annagylyjow hem-de “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň wekili Parahat Hydyrow dagylar ga...
Turkmen delegation took part in cultural events at the Makhtumkuli Fragi's mausoleum in Golestan province of Iran
On May 18, on the day of the Constitution and the State Flag day of Turkmenistan, turkmen delegation took part in cultural events in honor of the great Turkmen poet of the East Makhtumkuli Fragi in Golestan province of Iran, near the mausoleum of Makhtumkuli Fragi.
TÜRKMENISTAN-GRUZIÝA: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR PUGTALANDYRYLÝAR
2023-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde “Türkmenistan-Gruziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky Gruziýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa parlamentarileriň döwlet durmuşynda barha artýan ornuny belledi. Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň arasynda netijeli gepleşikleri ösdürmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallaryn...
TÜRKMENISTANDA KIPR RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kipros Ýorgallisden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtala...
TÜRKMEN-BRITAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 22-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew Beýik Britaniýanyň Türkmenistanda bellenen ilçisi Stiwen Konlon bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda britan diplomaty öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. W.Hajiýew Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de türkmen tarapynyň öňa diplomatik işinde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdys...