RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Dek

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINDÄKI DUŞUŞYKDA AZERBAÝJANYŇ PARLAMENTI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde sapar bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylyk edýän Azerbaýjanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa azerbaýjanly kärdeşlerini mähirli mübärekläp, myhmanlary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda geçýän şu duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Kom...

DOWAMY
pic
7 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ MILLI MEJLISINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de öz kärdeşine we ähli türkmen halkyna tüýs ýü...

DOWAMY
pic
7 Dek

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUS HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäginde türkmen-rus söwda we ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşi we geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alşyldy. Soňky ýyllarda gatnaşyklara güýçli itergi...

DOWAMY
pic
6 Dek

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI SESSIÝASYNDA TÜRKMENISTANYŇ KARARNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGI

2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji umumy mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Baş Assambleýa Türkmenistan tarapyndan Gün tertibiň "Parahatçylyk medeniýeti" 14-nji bölümine laýyklykda hödürlenen " 2023-nji ýyl-Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly" atly Kararnamanyň taslamasyna seretdi. Türkmen wekiliýeti kararnamanyň taslamasyny hödürläp, 2021-nji ýylyň dekabrynda "Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durn...

DOWAMY
pic
6 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasyna iki günlük sapary amala aşyrýar. 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygy açmak bilen, rus daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy özara hormat goýmak,...

DOWAMY
pic
6 Dek

AŞGABATDA TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.  «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc...

DOWAMY
pic
6 Dek

MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYTÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyny geçirmek maksady bilen, amerikan telekeçileriniň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen myhmany mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz...

DOWAMY