RSS

SOŇKY HABARLAR

29 Awg

Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Tährana amala aşyran iş saparynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy. Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan, köp asyrlardan bäri...

DOWAMY
29 Awg

Türkmen-eýran gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylýar

2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny EYR-nyň ýokary wezipeli resmi adamlary garşyladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Malwajerdiniň söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ynanyşmak we birek-birege hormat...

DOWAMY
28 Awg

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi barada

2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ö...

DOWAMY
27 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Saýed Al Taýer wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen  Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň...

DOWAMY
26 Awg

Mejlisiň Başlygy Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Sok Çeadan ynanç hatyny kabul etdi. Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan jenap Sok Çeany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Kambojanyň Ilçisi ýokary ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdi...

DOWAMY
26 Awg

Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sok Çeanyň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik gepleşikleri ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, halkara we sebit formatlaryndaky, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini belläp geçdile...

DOWAMY
24 Awg

Current issues of Turkmen-Tajik relations discussed

On 24 August 2024, Deputy Minister of Foreign Affairs Ahmet Gurbanov met with the Minister of Foreign Affairs of Tajikistan Sirojiddin Muhriddin in the framework of the visit of the delegation of Turkmenistan to the Republic of Tajikistan. During the meeting, the parties noted with content the high level of development of bilateral ties on the basis of friendly and trustful political dialogue at the highest level. The sides assessed the current condition of trade-economic ties, discussed b...

DOWAMY