RSS

SOŇKY HABARLAR

29 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAZAGYSTANYŇ ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK HAKYNDA

2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ž.A.Asanow bilen duşuşyk geçirdi.  Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi dogrusynda pikir alyşdylar. Duşuşygyň a...

DOWAMY
29 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ RUSSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI

29-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi, onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine ýokary baha berdiler.  Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz D...

DOWAMY
28 Awg

TÜRKMENISTAN DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI UGRUNDAKY IŞLERINI DOWAM EDÝÄR

2019-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň we 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi boýunça Iş toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçyla...

DOWAMY
27 Awg

TÜRKMENISTAN WE SINGAPUR KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE YGRARLYDYR

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary başlandy. 27-nji awgustda Singapur Respublikasynyň Prezidentiniň «Istana» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapuryň Prezidenti hanym Halima Ýakob bilen duşuşygy geçirildi. Iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň baştutany Singapur Respublikasyna gelmek baradaky ça...

DOWAMY
27 Awg

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ SZILIN WELAÝATYNDA GEÇIRILEN ÇÄRELERE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 22-25-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaýyň Demirgazyk-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy boýunça 12-nji EKSPO bilen bagly çärelere, şeýle hem EKSPO-nyň çäklerinde geçirilýän «Ahalteke bedewleri we Ýüpek ýoly» sergisine, türkmen-hytaý dostluk sergisine we Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň At medeniýeti festiwilyna gatnaşmak maksady bilen Szilin welaýatynyň Çançun şäherinde iş saparynda boldy. Çançun şäher...

DOWAMY
26 Awg

BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARY

Giriş Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gurama halkara parahatçylygy, howpsuzlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, ähli döwletleriň hem-de halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň mandatyna eýe bolan ýeke-täk halkara düzüm hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan bu gurama gatnaşyjy beýleki ýurtlar bilen bilelikde BMG-niň halkara işlerdäki öňdäki w...

DOWAMY
26 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SINGAPUR RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY

2019-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary başlandy. Saparyň barşynda Türkmen lideriniň Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakob hem-de ýurduň premýer-ministri Li Sýanlun bilen duşuşyklarynyň geçirilmegine garaşylýar.

DOWAMY