RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Maý

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI IŞ SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI

2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabada geldi. Saparyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra ikitaraplaýyn resminamalara, ýagny Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikas...

DOWAMY
pic
26 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DURNUKLY ÖSÜŞ ÜÇIN GAZYLYP ALYNÝAN SENAGATY ÖZGERTMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY “TEGELEK STOLDA” ÇYKYŞ ETDI

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durnukly ösüş üçin gazylyp alynýan senagaty özgertmek boýunça ählumumy “tegelek stolda” çykyş etdi. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirildi. Duşuşyga birnäçe döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, ministrler, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň bilermenleri, hususy pudagyň we r...

DOWAMY
pic
26 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI TUNIS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saide Türkmenistanyň Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ankara şäheri) özüniň ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saidiň adyna ýolla...

DOWAMY
pic
25 Maý

TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DÖWLETARA GATNAŞYKLARYŇ ÝOKARY DEREJESI BELLENILDI

Şu gün, 25-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşigiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, hususan-da, iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylyň aprel we m...

DOWAMY
pic
24 Maý

«Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergä gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!  Gadyrly myhmanlar! Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biridir. Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. Bu serginiň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda ähmiýe...

DOWAMY
pic
23 Maý

TÜRKMENISTAN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SEBITLERI BILEN ÖZARA HEREKETLERINI IŞJEŇLEŞDIRÝÄR

Şu gün, 23-nji maýda türkmen paýtagtynda Türkmenistana sapar bilen gelen Sankt-Peterburgyň Daşary aragatnaşyklar Komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew we «Wozroždeniýe» Taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň» ýolbaşçysy I.Bukato bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.Berdimuhamedow gatnaşdylar. Işjeň ge...

DOWAMY
pic
22 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2021-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzda işleýän ilçihanalaryň we halkara guramlaryň wekil...

DOWAMY