TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 71-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna h...
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Parižde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda «Medeniýetleriň köpdürliliginiň festiwalyna» gatnaşdy
2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy beýleki diplomatik wekilhanalary bilen birlikde ÝUNESKO-nyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli guralan we bu çärä bagyşlanyp geçirilen «Medeniýetleriň köpdürliliginiň festiwalyna» özüniň stendi bilen gatnaşdy. Medeni çäre ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirildi we Guramanyň Kätipliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Ilçiler Klubynyň başlangyjy boýunça guraldy. Bu çärä gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi özleriniň milli stendler...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini aý...
AŞGABATDA TÜRKMEN-GERMAN IŞ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Aşgabatda bilelikdäki Türkmen-German iş toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, german tarapyna bolsa – Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysady işler we energetika ministrliginiň Daşary syýasat departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp m...
WENGRIÝADA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-WENGER TOPARYNYŇ DÖRDÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de işewürlik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine, aýratyn hem sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň, köpugurly ykdysady we medeni-ynsanperwer özarahereketleri giňeltme...
«EURONEWS»-YŇ WEKILI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Euronews» habarlar teleýaýlymynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça Baş direktory Roland Nikolaou bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda teleradioýaýlymlar ulgamyndaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy, bilermenlik başarnyklarynyň we tejribeleriniň alyşylmagy arkaly maglumat materiallaryny taýýarlamak babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Eur...
KIPR RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Andreas Zinonos bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-kipr gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy...