TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ÝEWROPA BILELEŞIGI HEM-DE MERKEZI AZIÝANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK GIŇELDILÝÄR
2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa Ýokary derejeli dialogyň syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça 6-njy mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, şeýle-de hormatly myhman hökmünde Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary gatnaşdy. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bolsa mejlis...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI UNESCAP-YŇ 75-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 27-nji maýyndan 31-nji maýy aralygynda Bangkokda, Tailandda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýetmiş bäşinji mejlisi geçirilýär. Bu çärä Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Her ýylda geçirilýän ýokary derejeli bu duşuşyk Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary üçin köpugurly platforma bolup, ol durnukly ykdysady we durmuş ösüşine degişli bolan täze hem-de derwaýys meselele...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gyrgyz tarapynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň birinji syýasy departamentiniň başlygy R.M.Biibosunow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar mähirli salamşadylar we türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaş...
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ KAZAN ŞÄHERINE SAPARY
2019-njy ýylyň 27-28-nji maýy aralygynda ministriň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde iş saparynda bolýar. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny netijeli ösdürmek, elektron senagatyny kämilleşdirmek we sanly ykdysadyýet ulgamyna geçmek maksady bilen, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça Konsepsiýa kabul edildi. Şunuň bile...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň «Gulf Petrochemical Industries Company» (GPIC) şereketiniň müdirler geňeşiniň başlygy Ahmed Al Şarýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem gepleşikleriň çäklerinde taraplar Türkmenistanda n...
AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN GERMANIÝANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi. German wekiliýetine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtybarly wekili Mihael Zibert ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar abraýly halkara guramalaryň, aýratyn hem Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle-de Ýewropa Bilele...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Singapurdan we Maltadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan...