RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN PARIŽDE BOLAN DUŞUŞYKLARY

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2019-njy ýylyň 20-21-nji maý aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça Parižde iş saparynda boldy.   Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň Baş direktory Anhel Guriýa tarapyndan kabul edildi, şeýle-de  bu guramanyň beýleki ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy. Duşuşyklaryň barşynda taraplar ýurdumyz bilen b...

DOWAMY
pic
21 Maý

WENGRIÝANYŇ DAŞARY IŞLER WE DAŞARY SÖWDA MINISTRI PETER SIÝARTONYŇ AŞGABADA IŞ SAPARY

Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýarto Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşykdan soňra žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi: - Siz şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen gepleşikleri geçirdiňiz, haýsy ugurlara aýratyn üns berildi? Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna Siz nähili baha berýärsiňiz? - Wengriýa Merkezi Aziýany, has takygy Türkmenistany ýewropa howpsuzlygy nukdaýnazaryndan sebitiň örän wajyp ýurtlarynyň biri hökmünde kabul edýär. tür...

DOWAMY
pic
20 Maý

AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Aşgabatda ÝHHG-niň «Sebitleýin ykdady özarabaglanşyklylyk ýolunda – söwda we ulag ulgamynda ýardam etmegiň milli gurallary» atly sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen gurnalan okuw sapagyna ÝHHG-niň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, okuw sapagyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri,...

DOWAMY
pic
20 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ADYGEÝA RESPUBLIKASYNA BARYP GÖRDI

2019-njy ýylyň 17-18-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň Adygeýa Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisi Adygeýa Respublikasynyň Baştutany Murat Kumpilow bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşygyň barşynda dostlukly we işewür gatnaşyklaryň ösüşi, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.   Taraplar Türkmenistan bilen Adygeýa Respublikasynyň arasyndaky sosial ulgamdaky, yk...

DOWAMY
pic
20 Maý

AŞGABAT WE BUDAPEŞT DÜRLI UGURLAR BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRMEGI GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝARLAR

2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýarto Aşgabada iş sapary bilen geldi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň wenger egindeşi bilen gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Wengriýanyň abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki köpugurly we sebitleýin hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady we medeni-yn...

DOWAMY
pic
20 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ASEAN-DA AKKREDITIRLENDI

2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Lim Joek Hoý-a özüniň ýurduň bu guramadaky wekili hökmünde bellenmegi baradaky Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hatyny gowşurdy.    Hat gowşurylandan soňra Ilçi we Baş sekretar ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda Baş sekretar Lim Joek Hoý Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen...

DOWAMY
pic
20 Maý

TÜRKMENISTANYŇ BELARUS RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRDI

Ýakynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirililýän birinji Hazar ykdysady Forumynyň guramaçylykly geçirmegine bagyşlanan brifing geçirdi. Ilçihananyň binasynda geçirilen brifinge Belarus Respublikasynyň Daşary işler, Ykdysadyýet hem-de Maliýe ministrlikleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Yerine ýetiriji komitetiniň, Belarus Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň...

DOWAMY