SOŇKY HABARLAR
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Ýokary derejedäki bilelikdäki saparlaryň özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak ýörelgelerine...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen Russiýa Federasiýasynyň işe...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA SPORT GURAMALARY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 15-17-nji ýanwary aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Lozanna şäherinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň sapary boldy. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti Dewid Hagert bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli döwletimizde we daşary ýurtlarda birnäçe çäreleriň geçirilj...
TÜRKMENISTAN AWSTRIYADA GEÇIRILÝÄN HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISINE GATNAŞÝAR
2020-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Awstriya Respublikasynyň Wena şäherinde ýurduň iň iri we öňdebaryjy syýahatçylyk sergisi bolan “Ferien-Messe Wien” öz işine başlady. Bu sergi her ýylyň ýanwar aýynda Awstriýanyň paýtagtynda geçirilip, halkara syýahatçylyk pudagynyň häzirkizaman gazananlaryny köpçülige ýetiryär. Sergä dünýäniň 80 döwletinden gelen syýahatçylyk kärhanalaryň 800-e golaý wekili gatnaşýar. Bu ýyl gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistan hem bar. Döwletimiziň bu sergä gatnaşmagynda we s...
Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda
Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gönükdi. Daşary syýasat derejäniň ýubileý senesi mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler toplumynyň guralmagy meýilleşdirildi. Onuň başyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNEP-IŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen BMG-niň Daşky gurşaw baradaky Maksatnamasynyň Merkezi Aziýa boýunça Edarasynyň ýolbaşçysy Aýdaý Kurmanowa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawyň goraglylygy, h...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATYŇ DOWAMY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty öz işini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde plenar mejlislerinde dowam etdi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik korpusyň we ýerli hem-de daşary ýurt KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň başynd...