TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
BIŞKEKDE KHBS BOÝUNÇA MERKEZI AZIÝA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 17-18-nji iýulynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde ÝHHG-nyň söz azatlygynyň meseleleri boýunça wekili tarapyndan guralan «Sanly transformasiýa şertlerinde KHBS erkinligi we plýuralizm» ady bilen KHBS boýunça 21-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Maslahat bu mesele boýunça pikirleriň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň alyşylmagy üçin Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Mongoliýadan döwlet edaralaryndan, habar beriş seriş...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI EKOSOS-YŇ HOWANDARLYGY ASTYNDA GEÇIRILÝÄN ÝOKARY DEREJELI SYÝASY FORUMA GATNAŞMAK ÜÇIN NÝU-ÝORKA GELDI
2019-njy ýylyň 17-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherine saparynyň birinji gününde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we maksatnamalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Has takygy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiýa Alişahbana we Baş sekretaryň orunbasary, deňize çykalgasy bolmadyk, az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ös...
BMG-NIŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA TÜRKMEN TARAPYNYŇ GURAMAGYNDA «MERKEZI AZIÝADA DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÜPJÜN EDILMEGINDE HALKARA INSTITUTLARYNYŇ HYZMATDAŞLYGY: BMG-AHHG MODELI» ATLY TEMATIKI ÇÄRE GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 17-nji iýulynda BMG-niň ştab-kwartirasynda türkmen tarapynyň guramagynda «Merkezi Aziýada durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde halkara institutlarynyň hyzmatdaşlygy: BMG-AHHG modeli» atly tematiki çäre geçirildi. Çärä BMG-niň agza-ýurtlarynyň wekiliýetleriniň resmi wekilleri, BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşen düzüm birlikleriniň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ylmy jemgyýetçiliginiň diňleýjileri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar howanyň global derejede üýtgemegi, şeýle hem dün...
GFR-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN HOŞLAŞYK DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Margret Ýubber bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy hanym Ýubbere türkmen-german gatnaşyklarynyň ösdürilmegine şahsy goşandy üçin munnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda nemes diplomaty Türkmenistanda işlän döwrüniň onuň diplomatik işinde aýratyn orun eýe...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň energetika baradaky komissiýasynyň agzasy, eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Kuroş Karam Pur Hagygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara gatnaşyklary, energetika, ulag, medeniýet we bilim ýaly ugurlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwa...
Ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň iki medaly
Tailand Patyşalygynda ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy. Ol 9 — 14-nji iýul aralygynda Çonburi şäherinde geçirildi. Ýaryşa dünýäniň 14 ýurdundan 130 türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine 4 türgen we bir emin wekilçilik etdi. Ýaryşyň ikinji gününde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Toýly Orazow 82 kilogram agram derejesinde çykyş edip, üçünji orny eýeledi. Ýene bir türgenimiz Türkmen döwlet be...
Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi
Atatürk uniwersitetiniň medeniýet merkeziniň «Milli erk» binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresiniň dabarasy Siwas şäherinde başlandy, soňra bolsa Erzurum şäherinde dowam etdi, bu ýerde ýurdumyzyň amaly-haşam sungaty eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, fotosergi guraldy, sungat ussatlarynyň konsertleri boldy. Türkmen-türk gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde...