RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Few

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň dolandyryş binasynda Malaýziýanyň «Petronas» halkara kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete kompaniýanyň wise-prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Datuk Mohd Anuar Bin Taib ýolbaşçylyk edýär. Ol hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri hödürledi. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Açyk gapylar» syýasatyny alyp baryp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekm...

DOWAMY
pic
11 Few

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Panamadan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň göni arassalanan benzinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikler esasynda satyn alan reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük, buýan köküniň şiresi ýaly harytlarynyň umumy bah...

DOWAMY
pic
9 Few

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TUNIS RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY

2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Tunis Republikasynda iş saparynda boldy. Türkmenistanyň wekiliýeti Tunis Republikasynyň Prezidenti Beji Kaid Es Sebsi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Tunisiň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan çuňňur hormatyny beýän etdi hem-de häzirki döwürde türkmen-tunis gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmeginiň wajyplylygyny nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, iki döwletiň halkara giňişliginde, esasa...

DOWAMY
pic
9 Few

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şalar Geldynazarow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowinde öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetir...

DOWAMY
pic
9 Few

DÖM ULGAMYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEÝLETIN MILLI SYNYNY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇDIRILDI

2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synyny taýýarlamak boýunça Pudagara toparynyň Mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady DÖM ulgamynda Türkmenistan...

DOWAMY
pic
8 Few

Türkmenistanyň Prezidenti: Kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik kadalaryna daýanmalydyr

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy geçirildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, syýasy partiý...

DOWAMY
pic
7 Few

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany rus tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydygyny tassy...

DOWAMY