TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADYÝET, SÖWDA WE SENAGAT MINISTRLIGINIŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 13-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalarynyň, ulgamlaýyn infrastrukturalarynyň we suw hojalygynyň ilerledilmegi boýunça departamentiniň Başlygy jenap Takasi Ýosioko bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň aras...
AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA SEMINARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-nyň «Sanly tehnologiýalar eýýamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygyň özgerdilmegi» temasy boýunça seminary öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan seminarda ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň, şeýle hem degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň...
Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi işiniň jemlerini jemledi
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän we geljekde bilelikdäki meýilnamalaryň utgaşdyrylmagyny şertlendiren X Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady. Ozal habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň guramagynda geçirilen bu ýöriteleşdirilen çärä 30 döwletden 450-ä golaý wekil gatnaşdy. Olaryň hatarynda 100-den gowrak nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ministr...
2020-NJI ÝYLDA AŞGABATDA GEÇIRILJEK SAMBO BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNA TAÝÝARLYK DOWAM EDÝÄR
2019-njy ýylyň 19-22-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri hem-de Daşary işler ministriniň orunbasary we Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Sekretary Halkara Sambo federasiýasynyň (FIAS) prezidenti W.Şestakowyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde saparda boldular. Türkmen wekiliýeti FIAS-nyň Moskwadaky edarasynda 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Sambo boýunça dünýä çempionatynyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara Sambo f...
Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşyjylara
Halkara gaz kongresine gatnaşyjylar! Mähriban adamlar! Ilki bilen siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk we abadançylyk, kongresiň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin. Garaşsyz ýurdumyzda asylly däpleriň birine öwrülen, indi ençeme ýyllardan bäri guramaçylykly geçirilýän Halkara gaz kongresiniň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de pugtalandyrmakd...
Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС — 2019) öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy «Türkmengaz» döwlet konserni gurady. Ençeme ýyllaryň dowamynda kongres dünýäniň gaz senagatynyň ýagdaýyny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy çäre bolup hyzmat edýär. Bu iri möçberli çäräniň ýokary derej...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNISEF-IŇ AŞGABATDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde biziň ýurdumyzda öz missiýasyny tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň baştutany Şahin Nilofer bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutanyna BMG-niň bu ähmiýetli edarasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowa...