RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Apr

TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IŞ SAPARY

2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen gitdi. Türkmen wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygynyň Energetika, senagat we mineral serişdeler ministri Halid bin Abdulaziz Al-Faleh bilen duşuşygy boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy ugurlarynyň biri ol hem energetika diplomatiýasydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy...

DOWAMY
pic
22 Apr

Türkmenistanda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleri tamamlandy

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy, ol Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Bu döredijilik duşuşygynyň çäklerinde dürli çäreler türkmen paýtagtynda, şeýle hem Mary şäherinde uly üstünlik bilen geçirildi hem-de köp öwüşginli baýramçylyk hökmünde iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berd...

DOWAMY
pic
22 Apr

Türkmenistanyň gaz diplomatiýasy: ählumumy durnukly ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine

Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda X Halkara gaz kongresiniň geçiriljek wagtyna çenli bir aýdan hem az wagt galdy, bu duşuşyga dünýäniň energetika bazaryna esasy gatnaşyjylar ýygnanar. Bu strategiki häsiýetli ulgamy mundan beýläk-de özgertmegiň ýolunda maýa goýum mümkinçiliklerini açmagyň çözgütlerini kabul etmek üçin binýady döredýän möhüm waka taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika topl...

DOWAMY
pic
22 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti jenap Maýtripala Sirisene bu ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar. Dö...

DOWAMY
pic
22 Apr

STAMBULDA TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ ARASYNDA ENERGETIKA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde Stambulda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistana “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Şahym Abdyrahmanow, Azerbaýjana – Energetika ministri Parwiz Şahbazow we Türkiýä – Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez wekilçilik etdiler. Duşuşygyň barşynda ýurtlaryň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we...

DOWAMY
pic
21 Apr

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, polipropileni, dizel ýangyjyny, uçar kerosini, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Şeýle hem Gonkongdan, Owg...

DOWAMY
pic
20 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.A.Guminskiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda myhman türkmen tarapyna myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şu ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ýurduň başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan t...

DOWAMY