RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Noý

Hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisi

Şu gün türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumi topara başlyklyk etdi. Dostlukly döwletleriň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşan mejlisiniň gün tertibine geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň meseleleriniň...

DOWAMY
pic
2 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Maliýe ministrliginiň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Mohammad Humaýun Kaýuminiň belleýşi ýaly, Owganystanda Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasyna ýokary baha berýärler. Bu strategiý...

DOWAMY
pic
1 Noý

AŞGABATDA AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY DABARALY ÝAGDAÝDA AÇYLDY

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy. Hormat garawulynyň esgerleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy meýdança getirildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra sport topl...

DOWAMY
pic
1 Noý

Russiýanyň Türkmenistandaky kino günleri

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda açylýan Russiýanyň kino günleriniň çäklerinde rus kinematografiýaçylary tarapyndan dürli ýyllarda döredilen çeper filmleriň dokuzysy görkeziler. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guraýan medeni çäresiniň dowamynda giň tomaşaçylar köpçüligine ilkinji gezek görkezilişleri soňky iki ýylyň dowamynda geçirilen häzirki zaman filmleri hödürleniler. Olaryň hatarynda Klim Şipenkonyň hakykatda bo...

DOWAMY
pic
1 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň halkara sport hereketine, sebit we ählumumy derejede sportuň wagyz edilmegine we ösdürilmegine ýene bir uly goşandy boljak şanly waka — Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy bilen gutlady. Şunda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistany ygtybarly hem-de örä...

DOWAMY
pic
1 Noý

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylara

Dünýä çempionatyna gatnaşýan eziz myhmanlar! Agyr atletikanyň hormatly türgenleri! Sizi dünýäniň sport taryhyndaky möhüm waka — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu çempionatyň örän ýokary derejede we üstünlikli geçiriljekdigine, parahatçylyk we dostluk, olimpiýa taglymatlaryny we ýörelgelerini rowaçlandyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn! Bedenterbiý...

DOWAMY
pic
1 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň hem ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmek ugruna bolan meýillerini aýan etdiler, şeýle hem sebitdäki ýagdaýy we türkmen-owgan hyzmat...

DOWAMY