RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Okt

Türkmenistanda Horwatiýanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Paýtagtymyzda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň hem-de olaryň çäklerinde geçirilýän dostlukly döwletiň maddy däl medeni mirasyna bagyşlanan fotoserginiň açylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresini iki ýurduň degişli ministrlikleri guradylar. Ýokary derejedäki duşuşyklar, ikitaraplaýyn görnüşdäki özara gatnaşyklar, iri halkara düzümleriň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklar Türkmenistanyň we Horwatiýa Resp...

DOWAMY
pic
29 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Barham Salihi Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Barham Salihe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.

DOWAMY
pic
28 Okt

“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary açýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir...

DOWAMY
pic
27 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE GFR-Ň WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bundestagynyň (Parlamentiniň) Merkezi Aziýa boýunça parlamentara toparynyň başlygy Manfred Grundyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar, üstünlikli ösýän türkmen-german hyzmatdaşlygynyň gidişini belläp, gejekde parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi we iki ýurduň deputatlarynyň arasyndaky özaragatnaşyklary...

DOWAMY
pic
26 Okt

Telekeçiler daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeldýärler

Oguzhan etrabynda ýylda 20 müň kub metr agaç gyryndysynyň dykyzlandyrylan gatlagyny öndürýän (DSP) zawodyň işe girizilmegi mynasybetli dabara boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolan bu zawod milli ykdysady strategiýanyň oýlanyşyklylygyny we netijeliligini görkezdi. Bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde hususy b...

DOWAMY
pic
26 Okt

TÜRKMEN–AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI TAMAMLANDY

2018-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň DIM-niň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri dowam etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak, energetika, suw hojalygy we sebitleýin integrasiýasy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara aly...

DOWAMY
pic
26 Okt

DUŞENBEDE TÜRKMEN–TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ 8-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 25–26-njy oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen–täjik toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Ýokarda agzalan toparyň türkmen böleginiň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri we täjik böleginiň düzümine bolsa Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň barşynda goňşy döwletler bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny w...

DOWAMY