SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Birek-birege mähirli sözleri aýdyp, iki ýurduň Liderleri möhüm hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin ýokary derejede ozal gazanylan ylalaşyklaryň we dürli ugu...
AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ KHBS-Ň MESELELERI BOÝUNÇA SEMINARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 18-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-nyň «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygynyň kämilleşmeginde hem-de KHBS ulgamyndaky reformalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk» atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän KHBS-ň syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we weki...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi O.Çaryýew Iordan Haşemit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Huseýine Türkmenistanyň Iordan Haşemit Patyşalygyndaky Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Duşuşygyň başynda Iordan Haşemit Patyşalygynyň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamlaryny ýollady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegine uly ynam bildirdi.
TÄHRANDA TÜKMENISTANYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 16-njy iýunynda Tähran şäheriniň “Talar-e Wahdat” medeniýet merkezinde Tükmenistanyň Eýran Yslam Respublkasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan konsertine Türkmenistandan gelen resmi wekiliýeti, Eýranyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary guramasynyň we beýleki birnaçe edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, EYR-da akkreditirlenen diplomatik we...
HYRATDA TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-17-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministriniň ýolbaşylygyndaky türkmen wekiliýeti iş sapary bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherinde boldy. Türkmen wekiliýeti bilen Owganystanyň Prezidentiniň infrastrukturalar boýunça geňeşçisi, Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň owgan böleginiň başlygy Mohammad Humaýun Kaýumin...
SLOWENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz diplomatik işine başlaýan Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Branko Rakowets bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Sloweniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw ber...
BAE-NIŇ DUBAÝ ŞÄHERINDE TÜRKMEN EL HALYLARYNYŇ DÜKANY AÇYLDY
2019-njy ýylyň 16-njy iýunynda BAE-niň Dubaý şäherinde Al Fattan Marine Towers söwda merkezinde Türkmen el halylarynyň dükanynyň açylyş dabarasy boldy. Bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Mämmedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen el halylary dükany aýratyn gyzyklanma döredýän ýerleriň biri bolup, dabara Birleşen Arap Emirliklerindäki...