RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesine baryp gördi. Milli Liderimiz bu ýerde agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň barşy, hususan-da, sport desgalarynyň bezelişi hem-de olaryň ulanylyşy bilen, Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda — dünýä birinjiliginiň esasy çäreleriniň geçiriljek ýerinde türgenler üçin şertleriň döredilişi we ýaryşlary ýokary derejede guramak ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. ...Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şä...

DOWAMY
pic
10 Okt

«Türkmentel — 2018» XI halkara sergisi we ylmy maslahat

Paýtagtymyzda nobatdaky Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2018” atly ХI halkara sergisi we maslahaty açyldy, ony ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrligi we Söwda-senagat edarasy guradylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän iri pudaklaýyn forum ýurdumyzyň okgunly ösýän maglumatlar, telekommunikasiýalar tehnologiýalary hem-de teleradioýaýlym enjamlary pudagynyň gazananlaryny äşgär etmäge ý...

DOWAMY
pic
10 Okt

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara

Gadyrly myhmanlar!  Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!  Sizi Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Aşgabatda yzygiderli geçirilýän maslahatda aragatnaşygyň halkara ulgamyna goşulyşmak bilen bagly möhüm meseleleriň netijeli çözgüdini tapjakdygyňyza, bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlejekdigi...

DOWAMY
pic
9 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi. Giriş sözi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, şeýle hem Awstriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gerhard Saýller  çykyş etdiler. Maslahatyň esasy lektory Awstriýa Respublikasynyň Wena Diplomatiýa akademiýasynyň professory Markus Kornprobst boldy. Professor d...

DOWAMY
pic
9 Okt

MINSKDE TÜRKMEN-BELARUS SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-na Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Belarus Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Şestakow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlaryny gurşap alýan mes...

DOWAMY
pic
9 Okt

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY – HÖKÜMETIŇ DIWANYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň başynda K.A.Çuýçenko türkmen tarapyna myhmansöýerlik bilen garşylanandygy üçin öz minnetdarlygyny we amala aşyrylýan türkmen-rus hyzmatdaşlygy üçin hoşallygyny bildirdi. Duşuşygyň çäg...

DOWAMY
pic
9 Okt

TÄZE DÖWREDAP OBALARYNYŇ WE ÇEPER HALYÇYLYK KÄRHANASYNYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde täze döwrebap obalaryň hem-de Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Häzirki täze döwrebap obalaryň düýbüniň tutulyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň tabşyrygy...

DOWAMY