SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN PARAGWAÝ REPUBLIKASY BILEN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNY ÝOLA GOÝDY
2017-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Paragwaý Republikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we Paragwaý Republikasynyň hemişelik wekilleri iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalaryny bellediler....
Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda petek satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär
Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar. 220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär. EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys. Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgün...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi»-diýlip, bellenilýär...
DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATY
Ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek häzirki döwürde Dünýä ösüşiniň gün tertibiniň esasy ugry. Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün ed...
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi
Türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Bu Konstitusion kanunyň kabul edilmegi ýurtda başy başlanan konstitusion özgertmeleriniň wajyp dowamy bolup, ol syýasy ulgamyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegine, döwletde we jemgyýetde yzygider demokratiýa başlangyçlarynyň, hususan-da, köp dürlüliligiň we köp partiýalylygyň ornaşdyry...
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisi öz işine başlady
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň açylyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Döwlet baştutany öz çykyşynda 25 ýylyň içinde ýurduň garaşsyz syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlarynyň ösüşini suratlandyryp, ýurduň we jemgyýetiň häzirki ýagdaýyny häsiýetlendirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geçen çärýek asyrda ýurdumyzyň esasy önümçilik gorlaryna gönükdirilen 144 milliar...