TÜRKMENISTANYŇ EÝRANDAKY BAŞ KONSULYNYŇ WE EÝRANYŇ DEMIRGAZYK HORASAN WELAÝATYNYŇ HÄKIMINIŇ ORUNBASARYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsuly Y.Gaýypowyň we Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Mohammad Badri Farimanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň depgini bellenip, 2023-nji ýylyň 12-18-nji iýuny aralygynda Eýranda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Eýran Yslam Respublikasynyň  we Türkmenistanyň eksport we söwda mümkinçilikleri” atly maslahatynyň ähmiýeti barada bellenip, türkmen wekiliýetiniň saparyň çäklerinde Türkmenistan bilen serhetdeş Demirgazyk Horasan welaýatynyň senagat-gurluşyk önümçilik kärhanalarynyň işi bilen tanyş bolmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirildi.

Bellemeli möhüm zatlaryň biri hem Horamtly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 15-16-njy iýunynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde gol çekilen Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýaty bilen Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamada görkezilen işleriň dumuşa geçirilişi barada maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsuly ýakynda, ýagny 29-njy iýunda geçirilmegi meýilleşdirilýän täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri barada belläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Mohammadreza Hossein Nejadyň adyna gelen çakylyk hatyny gowşurdy. Çakylyk hoşniýetlilik bilen kabul edildi.