Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsuly Eýranyň DIM-ň wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Maşat şäherindäki Ýurduň demirgazyk-gündogar sebiti boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy A.Masumifaryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklary babatda syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ýaly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda diplomatlar soňky ýyllaryň dowamynda döwletara we welaýatara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini belläp, ýokary derejelerde guralýan saparlaryň we onuň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň netijelerini durmuşa geçirilişi barada maslahatlaşdylar.
Şeýle hem taraplar 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilelikdäki geçirilmeli çäreler barada pikir alşyp, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.