Eýranyň Bender-türkmen şäheriniň Magtymguly meýdanynda “Doganlyk halklarynyň agzybirlik festiwaly” geçirildi

img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsullygy Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Bender-türkmen şäheriniň Magtymguly meýdanynda geçirilen “Doganlyk türkmen-gazak-eýran halklarynyň agzybirlik festiwalyna” gatnaşdy.

Çykyşlarda myhmanlar Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny aýratyn belläp, halklaryň agzybirligini berkitmekde umumy medeniýetiniň, taryhynyň we däp-dessurlarymynyň bardygy bellendi.

Şeýle hem çykyş edenler şu ýylyň Türkmenistanda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçirilýändigini aýratyn belläp geçdiler.

Soňra bolsa myhmanlar çäräniň geçýän ýeri bolan
Bender-türkmen şäheriniň Magtymguly meýdanynda beýik şahyryň goşgular diwanynyň daşdan ýasalan şekilini açmak dabarasyna gatnaşyp, akyldar şahyryň dünýä edebiýatynda goýan öçmejek yzy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar türkmen we gazak halklarynyň medeniýetine degişli medeni däp-dessurlara bagyşlanan çykyşlara şeýle hem aýdym-sazly dabaralara uly joşgun bilen tomaşa etdiler.