Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Baş konsuly BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (UNHCR) Maşat şäherindäki wekilhanasynyň täze başlygy bilen duşuşyk geçirdi
24.10.2024 senede Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynda Baş konsul bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdürliginiň (UNHCR) Maşat şäherindäki wekilhanasynyň başlygy wezipesine täze bellenen Dhananjaya Bhattarainiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň depgini barada we hususanda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdürligi (UNHCR) bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanmak bilen bellediler. Şeýle hem diplomatlar dünýäde raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça guramanyň #IBELONG atly Kampaniýasynyň üstünlikli tamamlanandygyny we ýurdumyzyň bu babatda tejribesiniň beýleki döwletlere nusga alarlykdygyny aýdyp geçdiler.
Dhananjaya Bhattarai Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça alyp baran işlerine ýokary baha berdi. Şeýle hem, taraplar sebitdäki ýurtlaryň migrasiýa ýagdaýlary, kanunçylyga halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalarynyň ornaşdyrylmagy we beýleki möhüm migrasiýa meseleleri barada özara maslahatlaşdylar.