«Türkmenistan - Azerbaýjan - Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Türkmenistana sapar bilen gelmek we ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri sebitiň ýurtlarynyň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşygyň dowamynda bilelikdäki tagallalaryň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de onuň netijeleri boýunça wajyp ylalaşyklara gol çekiljekdigini aýtdy.
Döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde medeni-durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna we jebisleşmegine itergi berer.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy ýokary derejeli duşuşygyň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirip, onuň netijeleriniň üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge, bilelikdäki möhüm taslamalardyr başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen zerur ädim boljakdygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine söz berdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Hazar deňziniň ajaýyp kenaryndaky gepleşikleriň we duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Belent mertebeli myhman Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 22-nji awgustynyň taryhy güne öwrülendigini aýratyn nygtady. Taryhy ähmiýeti bolan duşuşygyň dowamynda gazanyljak ylalaşyklar üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyna kuwwatly itergi berer.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belledi.
Üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew çykyş edip, bu duşuşygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Azerbaýjanyň ýangyç-energetika, ulag-logistika ulgamlarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Prezident Ilham Aliýew degişli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňe sürülýän başlangyçlary amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Şu günki duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň hatarynda Azerbaýjanyň Fizuli şäheri bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekiljekdigi aýratyn nygtaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň syýasy-diplomatik ulgamda özara gatnaşyklaryň ýokary nusgasyny görkezip, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge saldamly goşant goşýandyklaryny belledi.
“Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli we netijeli hyzmatdaşlyk edýärler” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy hemmeleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günki duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyz üçin örän ähmiýetli bolan meseleleriň birnäçesine garaljakdygyny aýtdy.
Energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde elektrik energiýasynyň eksportynyň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ulgamda Özbegistan bilen ýola goýlan gatnaşyklarda oňyn tejribe toplanandygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan her ýyl Özbegistana elektrik energiýasynyň köp möçberini iberýär.
Milli Liderimiz geljekde türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermek mümkinçiliginiň bardygyny belläp, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana we onuň çägi arkaly Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.
Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistandan Azerbaýjana we Özbegistana tebigy gazy ibermek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň wajypdygy nygtaldy.
“Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlykda ulag ulgamy aýratyn ähmiýetli orny eýeleýär. Ykdysadyýetiň bu ulgamynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ösmegi üçin strategik ähmiýete eýedir” diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.
Uzak möhletleýin dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanyp, özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak, ykdysady ösüşi höweslendirmek meselelerine möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz söwdany giňeltmek maksady bilen, hojalygy ýöredýän düzümleriň arasynda özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini döretmegiň we ony işjeň ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Milli Liderimiz senagat kooperasiýasyny ýola goýmak babatda 2026 — 2035-nji ýyllar döwri üçin üç ýurduň çäginde senagat taslamalaryna bilelikdäki maýa goýumlaryň maksatnamasyny taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürüp, bu çemeleşmäniň tehnologiýalary netijeli alyşmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, dünýä bazarlarynda önümleriň milli görnüşleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şular barada aýdyp, şu günki duşuşygyň Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde tapgyrlaýyn waka boljakdygyna ynam bildirdi we Prezidentler Ilham Aliýewe hem-de Şawkat Mirziýoýewe ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda türkmen tarapynyň özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berýändigini aýdyp, üç döwletiň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny belledi.
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygy tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilelikde ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreleriň geçirilýän ýerine ugradylar.