Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly Konsullyk patentiniň nusgasyny Eýranyň DIM-niň Maşat şäherindäki wekilhanasynyň ýolbaşçysyna gowşurdy

photo

2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew bilen Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Maşat şäherindäki wekilhanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Mäsumifäriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäginde G.Ataýew Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsuly hökmünde Konsullyk patentiniň nusgasyny wekilhananyň ýolbaşçysy A.Mäsumifärä gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiýanyň tagallalary netijesinde iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da ilerleýändigini we gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini bellediler.

Şeýle hem duşuşykda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, ylym-bilim, saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.