TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji 29-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Pre...
Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly jemgyýetçilik-syýasy çäresi geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlar, ýaşlar gatnaşdylar. Dabaradan öň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saz...
Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ýörite wekili Ju Hýon Bekiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda we giňeldilmeginde ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň aýratyn ähmiýete eýedigi belle...
Türkmenistanyň DIM-de konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleriniň ikinji tapgyry geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy D.Muratow, gruzin wekiliýetine bolsa, Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk we diaspora meseleleri boýunça halkara hukugy müdirliginiň direktory G.Tabatadze ýolbaşçylyk etd...
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň Reşt şäherinde Hazarýaka döwletleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 18-19-njy noýabrynda Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiň Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatyna iş saparyny amala aşyryldy. Saparyň maksady Reşt şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka sebitleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşmakdan ybarat boldy. Çära Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň agzalary, Hazarýaka döwletleriniň sebitleriniň häkimleri, hormatly myhmanlar, diplomatik korpusyň wekilleri hem-de...
Pariž şäherinde “Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler” atly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Pariž şäherindäki Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar instituty – IRIS-iň maslahatlar zalynda «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler» atly maslahat geçirildi. Çäre IRIS we Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihansy bilen bilelikde gurnaldy. Maslahatyň geçirilmegi «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna», Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem beýik türkmen şahyry Magtymguly Py...
Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsulynyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi Golamhosseýn Mozaffariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horasan Rezawi welaýatynyň arasyndaky Ykdysady, söwda, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegindäki orny barad...