RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Awg

Türkmenistan – BMG: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyr

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, ony mukaddes türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň B...

DOWAMY
pic
3 Awg

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Dabara her on ýylda bir gezek geçirilýän we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hemmetaraplaýyn ösüşine bagyşlanan ählumumy forumyň ähmiýetiniň beýany boldy. Baýdak galdyrmak dabarasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Ra...

DOWAMY
pic
31 Iýul

Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Apirat Sugondhabhiriň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Taýland Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň...

DOWAMY
pic
31 Iýul

Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we syýahatçylyk ministri Silwester Radegondyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar. Söhbetdeşlikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine aýrat...

DOWAMY
pic
26 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz wekilçilik edýän ýurdunda Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň döwl...

DOWAMY
pic
25 Iýul

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 24-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, bagtyýarlyk, Özbegistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlar...

DOWAMY
pic
23 Iýul

Türkmenistanyň we San-Marino Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen San Marinonyň Daşary işler, syýasy meseleler, halkara ykdysady hyzmatdaşlyk we sanly geçiş boýunça ministri Luka Bekkariniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara düzümleriň çäginde özara gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdile...

DOWAMY