RSS

SOŇKY HABARLAR

11 Maý

TÜRKMEN-KOREÝ IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI

2021-nji ýylyň 11-nji maýynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň, şeýle hem beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary   hem-de wekilleri gatnaşdylar. Koreý tarapyndan mejlise Koreý...

DOWAMY
11 Maý

TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE WE GURAMAÇYLYKLY JENAÝATLARA GARŞY GÖREŞ BOÝUNÇA ÝHHG-NYŇ SEBITLEÝIN MASLAHATY

2021-nji ýylyň 11-nji maýynda ÝHHG-nyň terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş boýunça sebitleýin maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de ÝHHG-nyň sekretariatynyň transmilli howplara garşy göreş bölümi bilen bilelikde guraldy. Bu çärä gatnaşmak üçin Merkezi Aziýanyň we ÝHHG-nyň beýleki gatnaşyjy döwletleriniň wekilleri, akademiýalaryň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetini...

DOWAMY
11 Maý

TDIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitabyň çap edilmegi türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna özboluşly sowgat boldy. Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň weki...

DOWAMY
11 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna sapary başlandy. Saparyň birinji gününde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.G.Berdimuhamedowyň HHR-nyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwleti...

DOWAMY
9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HHR-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 9-njy maýda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň HHR-nyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-nyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda bolan telefon arka...

DOWAMY
9 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Ýeňiş Güni bilen gutlady

Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklarydyr hem-de durmuş kadasyna öwrülen kämil ýörelgeleridir. Dünýä taryhyna örän pajygaly we iň gandöküşikli döwür hökmünde giren 1941 — 1945-nji ýyllarda hem halkymyzyň bu mukaddes kadalaryna berk e...

DOWAMY
9 Maý

MALAÝZIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurtda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rozli bin Abdul bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen tarapy türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin Ilçi Rozli bin Abdul...

DOWAMY