SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 6-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugrady. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony mähirli...
Türkmenistanyň Maýa goýum forumy Aşgabatda dowam edýär
2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralýan forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary derejeli wekillerini hem-de bilermenlerini gatnaşýarlar. Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň işi «Maýa goýum işjeňligi — ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösüşiniň esasy ş...
Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara ülňilerine we kadalaryna syn bermäge bagyşlanan duşuşyk
2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki Ylmy-barlag tebigy-gaz institutynda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara ülňilerini we kadalaryny seljermäge bagyşlanan geňeşme duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan amala aşyrylýan “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa...
Türkmenistanyň DIM-nde Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Şener Jebeji bilen duşuşyk geçirildi. M.Bäşimowa Ilçi Şener Jebejä diplomatik işinde üstünlikleri arzuw edip, mundan beýläk hem konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara aly...
Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Aw...
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. Döwlet Baştutanymyz assosiasiýanyň agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň baş baýramynyň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň geçirilýändigini belledi. Bellenilişi ýaly, milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet...
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň umumy pikir alyşmalarynda çykyş etdi
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ýokary derejeli hepdeliginiň çäginde geçirilen 81-nji sessiýasynyň umumy pikir alyşmalarynda çykyş etdi. W.Hajiýew öz çykyşynyň başynda Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan dünýä ýurtlarynyň halklaryna mähirli salamyny, şeýle-de parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hemişelik wekil BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sess...