TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Tokioda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi
2020-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy, şeýle hem 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ýaponiýanyň “Asahi shimbun”, “NHK”, “Kyodo news”, “Mainiehi”, “Sumitomo global research”, “Japan-Eurasia Soeiety” ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Ýap...
Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan kararnamanyň taslamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
2020-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guralan «Halkara parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagynda we pugtalandyrylmagynda bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Türkmenistanyň kararnamasynyň taslamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Tanyşdyryş çäresine BMG-niň agza-döwletleriniň wekilleri we BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Azi...
HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YGTYÝARLY WEKILLERINIŇ MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 27–nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň altynjy mejlisi öz işine başlady. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkme...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 71-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna h...
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Parižde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda «Medeniýetleriň köpdürliliginiň festiwalyna» gatnaşdy
2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy beýleki diplomatik wekilhanalary bilen birlikde ÝUNESKO-nyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli guralan we bu çärä bagyşlanyp geçirilen «Medeniýetleriň köpdürliliginiň festiwalyna» özüniň stendi bilen gatnaşdy. Medeni çäre ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirildi we Guramanyň Kätipliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Ilçiler Klubynyň başlangyjy boýunça guraldy. Bu çärä gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi özleriniň milli stendler...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini aý...
AŞGABATDA TÜRKMEN-GERMAN IŞ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Aşgabatda bilelikdäki Türkmen-German iş toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, german tarapyna bolsa – Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysady işler we energetika ministrliginiň Daşary syýasat departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp m...