TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen polipropilen we ýokary dykyzlykly polietilen, şeýle hem karbamid we tehniki kükürd («Türkmenhimmiýa» DK), («Türkmengaz» DK) Russiýadan, Beýik Britaniýada...
Weteranlaryň sarpalanmagy
Paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde ýakynlaşyp gelýän 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny, tylyň zähmetkeşlerini we wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryny hatyralamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, olara pul baýraklary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylgy. Köşgüň öňünde sungat eserleriniň — suratçylaryň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, bezegçileriň eserleriniň sergisi...
Sanly ykdysadyýet we noosfera ösüşi: Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze ugurlar
2-nji maýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri öňde goýdy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ilkinji dört aýynyň görkezijileriniň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşine şaýatlyk edýändigini belläp, şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan önümçilikleri has-da giňeltmek we ýurdumyzyň...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ABŞ-DEN GELEN BILERMENLERIŇ GATNAŞMAGYNDA GEÇIRILEN STRATEGIKI DIALOG BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY TAMAMLANDY
2019-njy ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa boýunça strategiki barlaglar merkeziniň (NESA) bilermenleriniň gatnaşmagynda Günorta we Merkezi Aziýada ABŞ-nyň howpsuzlyk syýasaty boýunça geçirilen okuw maslahaty öz işini tamamlady. Okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň Daşary işler, Goranmak, Milli howpsuzlyk ministrliklerinden we Döwlet serhet gullugyndan wekiller gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Merkezi we Günorta Aziýadak...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Orta Aziýa işleri boýunça edarasynyň Orta Aziýa işleri boýunça müdirliginiň direktory Mark Mudi ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar halkara platformalarynyň çäklerinde, özara hereket etmegiň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sebitiň içindäki gatnaşyklarynyň giňledilme...
UKRAINANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINE GUTLAG HATY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze saýlanan Prezidenti Wladimir Aleksandrowiç Zelenskä ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ IMPERATOR NARUHITO ÝOLLAN HATY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň täze Imperatory Naruhito ýollan gutlag hatynyň resmi gowşuryş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça gutlag haty Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçis...