TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA SPORT GURAMALARY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 15-17-nji ýanwary aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Lozanna şäherinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň sapary boldy. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti Dewid Hagert bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli döwletimizde we daşary ýurtlarda birnäçe çäreleriň geçirilj...
TÜRKMENISTAN AWSTRIYADA GEÇIRILÝÄN HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISINE GATNAŞÝAR
2020-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Awstriya Respublikasynyň Wena şäherinde ýurduň iň iri we öňdebaryjy syýahatçylyk sergisi bolan “Ferien-Messe Wien” öz işine başlady. Bu sergi her ýylyň ýanwar aýynda Awstriýanyň paýtagtynda geçirilip, halkara syýahatçylyk pudagynyň häzirkizaman gazananlaryny köpçülige ýetiryär. Sergä dünýäniň 80 döwletinden gelen syýahatçylyk kärhanalaryň 800-e golaý wekili gatnaşýar. Bu ýyl gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistan hem bar. Döwletimiziň bu sergä gatnaşmagynda we s...
Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda
Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gönükdi. Daşary syýasat derejäniň ýubileý senesi mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler toplumynyň guralmagy meýilleşdirildi. Onuň başyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNEP-IŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen BMG-niň Daşky gurşaw baradaky Maksatnamasynyň Merkezi Aziýa boýunça Edarasynyň ýolbaşçysy Aýdaý Kurmanowa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawyň goraglylygy, h...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATYŇ DOWAMY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty öz işini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde plenar mejlislerinde dowam etdi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik korpusyň we ýerli hem-de daşary ýurt KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň başynd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «TÜRKMENISTAN WE HALKARA GURAMALARY: PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly 2020-nji ýylda «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan halkara maslahaty öz işine başlady. Halkara maslahatynyň dabaraly açylyşyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu maslahata gatnaşmak üçin abraýly halkara guramalaryň w...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhalesi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat ýüzbeýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Eýranda...