TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA “DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA SPORTUŇ TUTÝAN ORNY” ATLY MEDIA-FORUMY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy fewralynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda “Durnukly ösüş ugrunda sportuň tutýan orny” atly media-forum geçirildi. Media forumyň işine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň press-attaşeleri, şeýle...
TÜRKMEN WEKILIÝETI ISPANIÝA PATYŞALYGYNYŇ MADRID ŞÄHERINDE IŞ SAPARYNDA BOLÝAR
2019-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň fewral aýynyň 21-ne çenli dowam etjek Ispaniýa Patyşalygynyň Madrid şäherine iş sapary başlady. Saparyň ilkinji güni türkmen wekiliýeti Ispaniýanyň Oba hojalyk we azyk senagaty boýunça Baş sekretary, TYPSA kompaniýasynyň Prezidenti, Cobra kompaniýasynyň Baş direktory, şeýle hem Amiantit kompaniýasynyň Baş direktory bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň barşynda oba hojalygyna we senagat pudagyna degişli meseleler...
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYP GEÇIRLEN DABARALY MASLAHAT
2019-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Ylymlar Akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalary...
TÜRKMEN TÜRGENI GYLYÇLAŞMAK BOÝUNÇA AÇYK ÇEMPIONATDA ALTYN MEDALY EÝELEDI
2019-njy ýylyň 17-nji fewralynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we kadetleriň arasyndaky Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýasynyň açyk çempionatynda ildeşimiz Jumanazar Döwletnazarow altyn medala mynasyp boldy. Ýetginjekleriň we kadetleriň arasynda Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak boýunça Konfederasiýasynyň açyk çempionaty täze sebitleýin düzüm tarapyndan geçirilen ilkinji halkara ýaryşdyr. Ýaryşa 150 türgen, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigista...
TÜRKMEN TÜRGENLERI GARLY-BUZLY ÝOLLARDA ÝARYŞMAK BOÝUNÇA DÜNÝÄ KUBOGYNYŇ BIRINJI TAPGYRYNDA ÇYKYŞ ETDILER
2019-njy ýylyň 14-17-nji fewralynda Russiýa Federasiýasynda geçen «Russiýa-Demirgazyk tokaýy — 2019» atly garly-buzly ýollar boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyryna türkmen sürüjiler topary gatnaşdylar. Biziň watandaşlarymyz Muhammetmyrat we Şamyrat Gurbanowlaryň topary hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar, üçünji orny bolsa Merdan we Şöhrat Toýlyýewler eýeledi. Ralli-reýd boýunça halkara ýaryşda 15 döwletden toparlaryň 29-sy gatnaşdy. Biziň türgenlerimiz Argenti...
Hormatly Prezidentimiziň bedewi — «Galkynyş» toparyna sowgat
Şu gün Döwlet sirkinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan «Galkynyş» toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan ajaýyp bedewi sowgat bermek dabarasy boldy. Bu waka medeniýeti ösdürmek meselelerine döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns berýändiginiň nobatdaky mysaly boldy. Bu baradaky meselelere hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen ýakynda geçiren duşuşygynda hem garaldy. «Meniň baş maksady...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Estoniýadan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, awtobenzini, owganystanly işewürler...