RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Few

Türkmenistanyň Ilçisi HHR-yň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ynanç hatyny gowşurdy.  Söhbetdeşligiň barşynda ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hytaý liderine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salam hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we iki ýurduň arasynda köpugurly özara hereketi diwersifikasialaşdyrmak üçin bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrd...

DOWAMY
pic
22 Few

OWGANYSTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNA BARDY

2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna bardy. Ol ýerde belent mertebeli myhman Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde leksiýa bilen çykyş etdi. Bu ýerde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-...

DOWAMY
pic
22 Few

TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ISPANIÝA SAPARY TAMAMLANDY

2019-njy ýylyň 19-21 fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäginde Alikant şäherindäki “Torrewýeha” suw süýjediji zawodynyň işi we gurluşy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Saparyň barşynda türkmen wekiliýeti Ispaniýanyň Daşky gurşawy özgerttmek ministrliginde duşuşyk geçirdi, hususan-da ministrligiň Döwlet sekretary we bölüm başlyklary bilen duşuşdy. Soňra «Toray», «Torishima», «Arflu», «Bel», «Protec Arisawa», «Eleusis», «Rufepa» we «Hermisan» kompaniýalary su...

DOWAMY
pic
22 Few

PREZIDENTLER GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BILEN MOHAMMAD AŞRAF GANINIŇ ARASYNDA IKIÇÄK DUŞUŞYGY BOLDY

2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy. Iki ýurduň Baştutanlary halkara we sebitdäki derwaýys meselelere, şol sanda Owganystanda parahatçylygy gazanmak üçin Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň orny we geljegi, şeýle hem türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gün tertibinde duran netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika we beýleki...

DOWAMY
pic
20 Few

OWGANYSTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2019-njy ýylyň 20-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Aşgabat şäherine resmi sapar bilen gelýär. Saparyň çäklerinde 21-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda duşuşyk meýilleşdirilýär. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň liderleri syýasy, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-owgan gatnaşyklarynyň geljekki ösüşi...

DOWAMY
pic
19 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYP ÖZBEGISTANYŇ DÜNÝÄ YKDYSADYÝETI WE DIPLOMATIÝASY UNIWERSITETINDE ÇÄRE GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Özbegistanyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetinde (DYDU) Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi tarapyndan häzirki zaman tapgyrynda Türkmenistanyň daşary syýasaty işiniň ähmiýetli ugurlary barada okuw sapagy geçirildi. Bu çäre Ilçihananyň gurnamagynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirildi. Ýokarda agzalan çäräniň işine uniwersitetiň okuw işleri hem-de halkara aragatnaşyklary boýunça prorektorlary M.Bakoýe...

DOWAMY
pic
19 Few

«Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly dabaraly maslahata gatnaşyjylar!  Gadyrly myhmanlar! Sizi «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Şu günki wekilçilikli mejlisiň gün tertibiniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň möhüm ugurlaryna hem-de derwaýys halkara meseleleri çözmek bilen bagly öňde goýlan wezipelere bagyşlanmagy uly ähmiýete eýedir....

DOWAMY