TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA CAREC-IŇ 17-NJI MINISTRLER MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň 17-nji Ministrler maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Azerbaýjan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Gruziýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegista...
Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjylara
Hormatly CAREC Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar! Sizi Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň «CAREC 2030: Söwdany giňeltmek we diwersifikasiýa ýardam bermek» atly Merkezi Aziýada sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatynyň öz işine başlamagy bilen gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglygyny, maslahatyň işine bolsa uly üstünlikleri arzuw edýärin! Ähli döwletleriň ýokary derejeli wek...
Türkmenistanda Braziliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Marsiýa Donner Abreudan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehiko Nakaony kabul etdi. Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, AÖB-niň biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan öz ösüşinde gazanan üstünliklerini görkezip, dünýä giňişliginde ygtybarly we jogapkär hyzmatdaşyň abraýyna eýe boldy....
TÜRKMENISTAN WE GERMANIÝA- IKITARAPLAÝYN BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ ÝOLUNDA
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna sapary başlady. Saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti tarapyndan gurnalan “Esasy üns Gündogar Ýewropa tarap - işewürler gepleşikde” atly maslahata gatnaşdylar. Bu maslahat iri nemes kompaniýalarynyň, banklarynyň hem-de Germaniýanyň söwda edaralarynyň 250-den gowrak töweregi ýolbaşçylaryny...
BRAZILIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) h-m Marsiýa Donner Abreu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdi. Gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy bara...
AŞGABATDA CAREC-IŇ 17-NJI MINISTRLER MASLAHATY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň 17-nji Ministrler maslahaty geçiriler. Halkara derejesinde geçiriljek bu maslahata CAREC maksatnamasyna girýän agza ýurtlarynyň maliýe we ykdysadyýet ministrleriniň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň dowamynda CAREC-e gatnaşýan döwletleriniň 2018-2030-njy ýyllar üçin strategik hereketiň meýilnamasyna serediler. Şeýle hem m...