RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Noý

Türkmenistanda Tunisiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Ali Şihiden ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlik arzuw etdi. Ilçi, öz nob...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada CAREC-yň 17-nji Ministrler maslahatyna gatnaşmaga gelen Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiniň baş direktory Koji Fujiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaş ýurtlaryň ýapon tejribesinden ugur alyp bilim almakda peýda bolýan JICA-nyň wezipesini ýerine ýetirmek boýunça okuw taslamalarynyň wajy...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE OWGAN WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň “Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn duşuşuk geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjit gurular. Duşuşygyň barşynda tar...

DOWAMY
pic
13 Noý

TUNIS RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Mohamed Ali Şihi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýarlygyny belläp, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslah...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI DUŞUŞDY

2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Özara ynam we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulan dostlukly gatnaşyklary giňeltmek meýillerini bellemek bilen, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary t...

DOWAMY
pic
13 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, mizemez dostluk, iki doganlyk halkyň taryhy-medeni we ruhy umumylygyna esaslanýan däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew netijeli häsiýete eýe bolan...

DOWAMY
pic
13 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň milli Liderimize aýdan mähirli sözlerini, türkmen halkyna iberen parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy...

DOWAMY