TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÄHRANDA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 27 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY KABUL EDIŞLIK GURNALDY
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Tähran şäherinde ýerleşýän halkara “Parsian Esteghlal” myhmanhanasynyň dabaralar zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik gurnaldy. Bu çära Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri, Daşary işler we Nebit ministrleriniň orunbasarlary, Gülüstan welaýatynyň häkimi, Mejlisiň deputatlary, we başgada birnäçe ýokary wezipeli wekiller, Eýra...
Türkmenistanda Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luwsan Battulgadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşall...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE MONGOLIÝANYŇ ILÇISI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze bellenen, Türkmenistana öz ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Luwsan Battulga (oturýan ýeri Astana) bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny gelejekde işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň abraýly halkara guramalary...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
Eziz watandaşlar! Edermen babadaýhanlar! Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynda giňden bellenýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Eziz Diýarymyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde bellenmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bu baýram halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan begenjiniň...
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň, Hökümetiň adyndan hem-de hut öz adyndan Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahora hem-de dostlukly slowen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ösüş we abadançyly...
Aşgabatda ýapon filmleriniň festiwaly geçýär
Çeper filmleriň bäşisi we animasiýa filmleriniň biri şu gün paýtagtymyzyň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda açylan ýapon filmleriniň festiwalynyň maksatnamasyny düzdi. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Medeniýet ministrliginiň wekilleri, sungat ussatlary, talyp ýaşlar hem-de dostlukly ýurduň medeniýeti bilen gyzyklanýan we ýapon dilini öwrenýän paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Festiwalyň çäklerinde tomaşaçylara 2013 — 2...
Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmen türgenleri ýedi medal gazandylar
Garyşyk göreşler boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary Polşa Respublikasynyň Plosk şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdi, Türkmenistanyň türgenleri ýedi medala – iki altyn, dört kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Döwran Ataýew (71 kilogram agramda) we Batyr Baýgeldiýew (61 kilograma çenli agramda) hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdylar. Ýalkym Nuryýew (70 kilo...