img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Mar

YSRAÝYL DÖWLETINDE TÜRKMEN-YSRAÝYL SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 25-nji martynda Ysraýylda Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapyndan geňeşmelere Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben Swi ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugta...

DOWAMY
pic
26 Mar

AŞGABATDA TÜRKMEN-ESTON SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-eston syýasy geňeşmeleri geçirildi. Eston Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Estoniýanyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy departamentiniň baş direktory Lembit Uibo ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar birek-birege gutlag sözlerini beýan etdiler we türkmen-eston gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, taraplar iki döwletiň arasyndaky şe...

DOWAMY
pic
24 Mar

ŽENEWADA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA SEBITLEÝIN FORUM GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 21-22-nji martynda Ženewanyň halkara maslahatlar merkezinde Durnukly ösüş boýunça Sebitleýin forum öz işine başlady, oňa ÝYK sebitiniň ýurtlaryndan ýokary derejedäki wekiliýetler gatnaşdylar. Türkmenistandan foruma Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Albaniýanyň Saglygy goraýyş we sosial goragy ministri hanym O.Manastirlýunyň başlyklyk etmeginde geçirilen açylyş dabarasyna BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary ha...

DOWAMY
pic
23 Mar

TÜRKMENISTANDA HALKARA NOWRUZ GÜNI BELLENILIP GEÇILDI

Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy. Ýaýlada, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzy giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Çärä çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Tür...

DOWAMY
pic
23 Mar

Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti,  Türkmenistanyň Prezidenti  jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA  Hormatly jenap Prezident!  Hytaýyň däp bolan Bahar baýramy bilen gutlap, Siziň iberen hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.  Gadymy Nowruz baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň, hytaý halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de türkmen halkyna baýramçylyk gutlaglarymy beýan etmek hormatyna eýedirin.  Size berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri a...

DOWAMY
pic
23 Mar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Egsilmez ylham-joşgunyň, ak arzuwlaryň, ýagşy niýetleriň, belent maksatlaryň gözbaşy bolan bu baýramyň halkymyzyň ruhuny has-da belende göterip, tutumly, beýik işlere galkyndyrjakdygyna berk ynanýaryn. Gadymy Nowruz baýramy müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdý...

DOWAMY
pic
23 Mar

Bag ekmek boýunça ählihalk ýowary Nowruzyň hormatyna ajaýyp däpdir

Şu gün Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy. Ýaýlada, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzy giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly...

DOWAMY