SOŇKY HABARLAR
GANA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Tähran şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohammed Saýuti Ýahaýa Iddi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Gana Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň gün tertibine özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlary, şeýle hem oba hojalyk işleriniň depgini bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, sanly wideoaragatnaş...
BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ WEKILÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 23-28-nji fewraly aralygynda Bahreýn Patyşalygynyň “Gulf Petrochemical Industries Company” (GPIC) şereketiniň müdirler geňeşiniň başlygy Ahmed Al Şarýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş sapar bilen bolýar. Saparyň çäklerinde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleriniň wekilleri, şeýle-de nebitgaz we himiýa toplumlaryna gözegçilik edýän ýolbaşçylar bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda taraplar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodl...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň, gatnaşyjylaryň dördünji mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasy...
BUHARESTIŇ YKDYSADY BILIMLER UNIWERSITETINIŇ WEKILIÝETINIŇ AŞGABADA SAPARY
2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Buharestiň Ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudoryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda duşuşugy boldy. Duşuşygyň barşynda wekiliýetiň agzalary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Türkmenistanyň halk hojalygy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça işi bilen tanyş boldular. Soňra taraplar gepleşikleri geçirdiler we olaryň barşynda ylym, bilim...
ÖZBEGISTANYŇ MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI AŞGABATDA
2019-njy ýylyň 24-25-nji fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary L.Kudratowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet biziň ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda duşuşyklary geçirdi. Iş saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde, Döwlet haryt-çig mal biržasynda...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Golf klubuna bardy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Golf klubunyň meýdançasynda bolup, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça geçirilen işler bilen tanyşdy. Säher bilen döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň günorta-günbatarynda ýerleşýän sport toplumyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň başlygy, wise-premýerler, Aşgabat şäheriniň häkimi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy garşyladylar. Häzirki wagtda ýurdumyzda köpçüli...