SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy we Sport ulag merkezine bardy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýurdumyzyň IIM-niň şahsy düzümine niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulanmaga berlen jaýlarda döredilen şertler we gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy bilen tanyşdy, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine bardy. Säher bilen milli Liderimiz häzirki döwürde Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin kottejler toplumynyň bina edilýän ýeri bolan Çoganly ý...
Dalaşgärleri bellige almak we saýlawçylar bilen duşuşyklar dowam edýär
31-nji martda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek işleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda degişli saýlaw okruglarynda dalaşgärleri bellige almak we olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Häzirki wagtda degişli saýlaw toparlary tarapyndan bellige alnan...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, awtobenzini, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hemTürkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen be...
SEULDA TÜRKMEN–KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde söwda, ykdysady, ylmy, we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen–koreý toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklar gazandylar. Şeýl...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi. Milli Liderimiz gün tertibine geçmezden öňürti, mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde sanly ykdysadyýete bütin dünýäde geljekki ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz her hepdäniň duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk...
Türkmenistanyň Ilçisi HHR-yň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ynanç hatyny gowşurdy. Söhbetdeşligiň barşynda ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hytaý liderine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salam hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we iki ýurduň arasynda köpugurly özara hereketi diwersifikasialaşdyrmak üçin bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrd...
OWGANYSTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNA BARDY
2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna bardy. Ol ýerde belent mertebeli myhman Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde leksiýa bilen çykyş etdi. Bu ýerde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-...