SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-azerbaýjan konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn konsullyk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, iki döwletiň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem migrasiýa, hukuk we hukuk goraýjy ugurlardaky özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşm...
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär
2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabatda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýany we Hereketleriň meýilnamalaryny täzelemek hem-de Biodürlülik hakynda BMG-niň Konwensiýasy boýunça Ýedinji milli hasabaty taýýarlamak boýunça Ählumumy taslamasynyň çäklerinde milli seminar geçirilýär. Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy b...
Türkmenistanyň we Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
2026-njy ýylyň 31-nji awgustynda wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň (WWF) arasynda daşky gurşawy goramak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow we WWF-niň Gündogar, Merkezi Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça sebit direktory Žan-Pol Paddak tarapyndan gol çekildi. Ähtnama biodürliligi goramak, t...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi. Toşimisu Motegi wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito...
Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimitsu Motegi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda dö...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň...
Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Filipp Merlen bilen duşuşdy. Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Fransiýanyň Ilçisi özüniň diplomatik gullugyny alyp baran döwründe berilen hemmetaraplaýyn goldaw üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkm...