Türkmenistnyň EYR-daky Baş konsuly Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkiminiň orunbasary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 3-nji awgustynda Türkmenistnyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly bilen Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkiminiň Ykdysady işler boýunça orunbasary Hasan Nurizadeh arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça barha ösýändigini bellediler. Şeýle hem taraplar sebitara hyzmatdaşyk babatda belläp, Mary welaýaty bilen Horasan Rezawi welaýatynyň arasynda gatnaşyklaryň ösüşi hem-de bu gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça gün tertibindäki möhüm ugurlar hakynda pikir alyşdylar.