Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Saud Arabystanynyň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini bellediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministrine “Bitewi suw” sammitine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşygyň aýratyn hormatyň we dostlugyň nyşanydygyny belläp, sammite işjeň gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de hut öz adyndan we Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Saudyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi bellenildi. Saud Arabystany bilen däp bolan gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Iki ýurduň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki sammitiň hem-de Türkmenistanyň öňe süren anyk teklipleriniň ähmiýetine üns çekildi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Medeni-ynsanperwer ulgamda-da gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Munuň iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.