Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan - Azerbaýjan - Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Baştutanyny mähirli garşylaýar.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ikiçäk duşuşygy boldy. Onuň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri belent mertebeli myhmany mübärekläp, çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Şu ýylyň iýulynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda bildirilen ýokary myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin goňşy döwletiň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şol saparyň dowamynda doganlyk ýurduň gözel ýerlerine baryp görendiklerini, iki halkyň bähbitlerine gönükdirilen möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtady.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we Awazada geçirilýän duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirdi.
Belent mertebeli myhman gözel Awazada bolup, bu duşuşyga gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Prezident Ilham Aliýew döwletleriň üçtaraplaýyn ýokary derejeli gepleşiklerini geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, bu duşuşygyň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çakylygy kabul edip, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşýandygy üçin Prezident Ilham Aliýewe we azerbaýjan wekiliýetiniň agzalaryna öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan hoşallyk bildirip, olary türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi.
“Biz şu gezekki duşuşygymyzda ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan gymmatlyklardan ugur alyp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni, beýleki durmuş ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşarys” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde wajyp orny eýeleýär. Duşuşykda, hususan-da, özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk, dokma senagaty, gurluşyk ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ähli zerur şertleriň bardygy, medeni-durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy.
Medeni-durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy.
Milli Liderimiz yzygiderli esasda özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň möhümdigini belläp, bilelikdäki çäreleriň geçirilmegini goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Ilham Aliýewi Türkmenistanda görýändigine şatdygyny ýene-de gezek belledi we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine söz berdi.
Prezident Ilham Aliýew türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we Awazada geçirilýän ýokary derejeli duşuşygyň guramaçylyk derejesi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi.
Üç döwletiň arasynda ýokary derejeli gepleşikleri geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirip, Ilham Aliýew duşuşygyň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Belent mertebeli myhman Türkmenistanda halkara ähmiýetli ulag-logistika düzüminiň häzirki derejesine ýokary baha berdi. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň şu günüň ruhuna kybap derejede dikeldilmeginde ähmiýetlidir.
Şeýle hem goňşy döwletiň Baştutany iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly geljeginiň bardygyny nygtady.
Syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdylanda, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň dünýä hem sebit meseleleri boýunça garaýyşlary meňzeşdir ýa-da ýakyndyr. Halkara we sebitara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, YHG, TDG, YHG we beýleki köptaraply düzümleriň çäklerinde bilelikdäki işler alnyp barylýar.
Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Iki ýurduň ýakyn geljekde ykdysady ugurly özara hereketlerini ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bardyr.
Türkmen we azerbaýjan deňiz portlarynyň döwrebap düzümlerini we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, Hazarüsti ulag geçelgesi boýunça ýük gatnawlary üçin has oňaýly şertleri döretmek bilen baglanyşykly meselelere garamak maksadalaýyk bolar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzi sebitinden Ýewropa ýurtlaryna elektrik energiýasyny ugratmak boýunça bilelikdäki işiniň ägirt uly geljegi bardyr.
Medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyga-da aýratyn üns berilýär.
Mundan başga-da, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlaryndaky ägirt uly mümkinçilikleri nazara alyp, olar boýunça hem özara hereketleri işjeňleşdirmek zerurdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de birek-birege hormat goýmak esasynda sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine goşýan şahsy goşandy üçin doganlyk ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Ilham Aliýewe berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.