Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi.
Galymžan Koýşybaýew mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ösdürilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekde möhüm şert bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Gazagystan bilen mundan beýläk-de ynanyşykly dialoga ygrarlydygyny tassyklady.
Myhman Gazagystanda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär.
Sanlylaşdyrmak, infrastruktura we innowasiýalar, «ýaşyl» ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Ony ösdürmekde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparyna möhüm orun degişlidir.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewiň ýurdumyza saparynyň dowamynda geçirjek gepleşikleriniň we duşuşyklarynyň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.